Gadymyýetiň daşa öwrülen yşygy: alymlar üstünden 99 million ýyl geçen şöhle saçýan tomzagy tapdylar

  • 24.10.2024 11:21
  • 7.6k+

Halkara paleontologlar topary Birma ýantarynda üstünden 99 million ýyl geçen gadymy şöhle saçýan tomzagy tapdylar. Dinozawrlar döwründäki galyndy hakda Proceedings of the Royal Society B. žurnalynda beýan edildi diýip, vokrugsveta.ru habar berýär.

Bu tapylan şöhle saçýan tomzak  täze Flammarionella jynsyna degişli bolup, oňa Hehaikuni ady berildi. Bu nusga Mýanmanyň Kaçin ştatynda gazylan ýantarda tapyldy. 99 million ýyl ozal doňup galan Birma ýantarynyň bu ele salnan nusgasy şeýle bir gowy saklanypdyr welin, gadymy tomzagyň gurluşynyň iň ownuk böleklerini hem jikme-jik öwrenip bolar.
Gadymy tomzak “ýalpyldawuk” wekilleri bilen tanalýan Lýusiolina kiçi maşgalasyna degişlidir, ýöne ol özboluşly aýratynlyklary bolan häzirki zaman tomzaklaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Onuň bedeniniň uzynlygy 8,5 mm bolup, daşy gür tüýjagazlar bilen örtülendir we düýbi çukurdan çykýan murtjagazlary bolsa ýörite töweregi duýmaga mümkinçilik berýändir.


Alymlar mör-möjekleriň ýagty organyna aýratyn üns berdiler. Ol iki garyn segmentinde ýerleşip, Protoluciola albertalleni ýaly bir ýantarda tapylan beýleki bioluminesent mör-möjeklerden tapawutlanýar. Bu eýýäm 99 million ýyl ozal tomzaklaryň ýalpyldawuk we ösen ukybynyň bardygyny görkezýär.
Gözlegçiler, tapylan tomzak bioluminesensiýanyň ewolýusiýasyna we gadymy mör-möjekleriň durmuşynda oýnaýan roluna has gowy düşünmäge kömek eder diýip hasaplaýarlar. Hakykatda, tomzaklardaky bioluminesensiýa goşa funksiýany ýerine ýetirýär: birinjisi, ýyrtyjylardan goramak üçin (“şöhle saçmagy” mör-möjekleriň zäherli bolup biljekdigini duýdurýar), ikinjisi, garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamak üçin (tanyşmak, territoriýany goramak we ş.m.).
Uzak wagt bäri mör-möjekleriň ýalpyldamak ukybynyň goranyş mehanizmi hökmünde ýüze çykandygyna ynanýardylar, ýöne soňky gözlegler ýyrtyjylar üçin howply toksinleriň, lusibufaginleriň ýalpyldawuklyk ukybynyň ýüze çykmagyndan soň ösendigini görkezýär. Şonuň üçin bu mör-möjekleriň bir wagtlar nädip we näme üçin ýalpyldap başlandygy baradaky soraga takyk jogap ýok.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....