Alymlar tasman möjeginiň genomyny kesgitlediler we indi ony janlandyrmak isleýärler

  • 24.10.2024 11:08
  • 11k+

 

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary tasman möjeginiň has doly genomyny kesgitlemegi başardylar, olar şeýle hem tilasin (Tylacinus cynocephalus) diýlip hem tanalýar. Indi hünärmenler ýok bolup giden bu görnüşi “dikeltmek” isleýärler. Bu barada Melburn uniwersitetiniň (Awstraliýa) genetika we ösüş biologiýasy boýunça professory Endrýu Pask Live Science neşirine gürrüň berdi.

Genetikler tilasiniň 110 ýyllyk dokumasynyň (haýwanyň etanolda saklanan kellesinden alnan) nusgasyny ulanyp, esasy DNK we RNK yzygiderliligini çykardylar, bu haýwanyň dürli organlarynyň işleýşini öwrenmäge mümkinçilik berdi.
1930-njy ýyllarda ýitip giden tasman möjegi Awstraliýada we Tasmaniýada ýaşap geçen ýyrtyjy süýdemdirijidir. Bu haýwanlaryň iň soňkusy 1936-njy ýylda haýwanat bagynda aradan çykdy.

Alymlar DNK-dan we RNK-dan alnan nusganyň gaty gowy saklanyp galandygyny bellediler. Bu dürli dokumalarda işjeň genleri öwrenmäge we haýwanyň biologiýasyna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi.
Tilasinleri dikeltmek taslamasy üçin alymlar tasman möjeginiň iň ýakyn diri garyndaşy bolan torbaly syçanlary ulanmagy meýilleşdirýärler. Colossal Biosciences-da bu syçanlarda owulýasiýa stimul döretmegiň usullaryny eýýäm işläp düzdi we ýakyn wagtda hünärmenler tilasiniň genini olaryň ýumurtgalyklaryna girizmekçi. Geljekde bu syçanlar genetiki taýdan dikeldilen tilasinleriň düwünçekleri üçin emeli ene bolup bilerler.
Şol bir wagtda taslamanyň çäklerinde düwünçejikleri ösdürip ýetişdirmek üçin emeli ýatgy döretmegiň üstünde işlenilýär. Alymlar bu tagallalaryň netijesinde diri tilasin çagalarynyň dogulmagyna we tilasinleriň ýabany tebigata gaýdyp gelmegine umyt baglaýarlar.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
972

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....