Ronaldunyň muşdagy futbolçy bilen duşuşmak üçin welosipedde 13 000 km geçdi

  • 23.10.2024 15:35
  • 25k+

Dünýäniň iň meşhur türgenleriniň biri bolan Kriştianu Ronaldunyň bütin dünýäde muşdaklary bar we olaryň käbiri öz söýgüli futbolçysy bilen duşuşmak üçin täsin hereketleri bilen haýran galdyrýar.

Ýakynda Hytaýdan Ronaldunyň şeýle muşdaklarynyň biri portugaliýaly oýunçy bilen duşuşmak üçin welosipedde 13 000 km geçdi. Janköýer ýoluna 6 aý 20 gün sarp etdi. Onuň uçarda uçmak üçin puly ýokdy, şol sebäpli Saud Arabystanyna ýetmegiň adaty bolmadyk usulyny saýlady.
Netijede, futbolça bu janköýer barada habar berildi we Ronaldu onuň arzuwyny hasyl etdi. Klub Ronaldu bilen janköýeriň duşuşygyny gurnady we onuň dowamynda ol ýadygärlik awtografyny aldy hem-de söýgüli oýunçysy bilen surata düşdi.


düýn 07:28
7.1k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

04.06.2026 18:42
4.8k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

04.06.2026 17:17
5k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......