Bentley awtoulaglar üçin futuristik drony patentledi

  • 23.10.2024 10:03
  • 6.7k+

Bentley kompaniýasy awtoulag pudagynda birnäçe jedelleri döreden futuristik drony patentledi. Käbir bilermenler bu hereketi batyrgaý täzelik diýip atlandyrsalar, beýlekiler munuň peýdalydygyna şübhelenýärler diýip, Tork.buzz habar berýär.

Bentley-iň wekilleriniň sözlerine görä, ösüşiň maksady täze tehnologiýalary we ykjamlyk mümkinçiliklerini öwrenmek.
Dört sany kiçijik propeller bilen enjamlaşdyrylan dron kapotyň aşagyndaky ýörite bölümden uçurylar we howa göterilenden soň, Bentley-ni sürmegi has amatly we ygtybarly edip, dürli işleri ýerine ýetirip biler.

“Aýdaly, siz ýol dykynynda galyp, ondan çykmak üçin başga ugur gözleýäňiz. Ýa-da ondanam beteri, söwda merkeziniň haýsy ýerinde ulagyňyzy goýanyňyz ýadyňyza düşenok diýeli. Bu kiçijik dron öňe uçup gidip, awtoulag duralgasyndan  boş ýeri tapyp biler, awtoulagyňyza tarap ugrukdyryp ýa-da heläkçilige uçrasaňyz gyssagly kömek hyzmatlaryna duýduryş iberip biler "- diýip, brendiň wekilleri mälim etdiler .

Dron gaty ýokardan uçup bilýär, ol awtonom dolandyryş we nawigasiýa ulgamlary, daşky gurşaw barada maglumatlary ýygnamak üçin kameralar we datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu tehnologiýalar geljekki Bentley awtoulaglarynda ulanyp boljak täze materiallary barlamak üçin ulanylyp bilner.
Dron diňe bir awtoulag pudagynda däl, eýsem logistika we howpsuzlyk ulgamlarynda hem ulanylyp bilner diýip garaşylýar. Mysal üçin, ony ownuk ýük daşamakda ýa-da ýol howpsuzlygyny üpjün etmekde ulanylyp bilner.

düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....