APL 2024/2025 möwsümiň gyş döwründe ulanjak topuny tanyşdyrdy

  • 23.10.2024 06:37
  • 2.9k+

2024/2025 möwsümiň gyş döwri üçin Angliýanyň Premýer-ligasynda Nike amerikan sport brendiniň döreden täze topy ulanylar. Bu barada Liganyň metbugat gullugyna salgylanýan Versus habar berýär.

"Gyşyň sowuk günlerinde ýylylyk getirýär" - diýlip, Premýer-liganyň X sosial torundaky ýazgysynda aýdylýar.
Täze modelde gülgüne we benewşe bölekleri bolan reňkli açyk sary bezeg bar. Nike Flight diýlip atlandyrylýan top kämilleşdirilen häsiýetleri bilen tapawutlanýar  - galyplaşdyrylan joýajyklary has durnukly uçuşy üpjün edýär, All Conditions Control tehnologiýasy bolsa çygly we gurak howa şertlerinde topa çylşyrymly teksturany goşýar.
Häzirki wagtda “Liwerpul” sekiz tapgyrdan soň 21 utuk bilen Premýer-ligada öňdeligi eýeleýär. “Mançester Siti” 20 utuk bilen ikinji ýerde durýar. Ilkinji üçlügi 17 utuk bilen Londonyň “Arsenaly” jemleýär.
Jedweliň iň aşagyndaky toparlar – “Wulwerhempton” (1 utuk), “Sautgempton” (1 utuk) we “Kristal Pelas” (3 utuk).


düýn 13:51
9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......