Samsung hindi smartfon bazaryndaky paýyny ýitirýär. Vivo we Xiaomi öňde barýar

  • 22.10.2024 17:06
  • 6.5k+

Canalys seljeriş kompaniýasynyň berýän habaryna görä, Samsung 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde hindi smartfon bazaryndaky öňdebaryjylygyny Vivo bilen Xiaomi-ä geçirdi. Sammobile-iň bellemegine görä, hindi bazary - dünýäde bäsdeşligiň iň güýçli bazarlaryň biri.

2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Vivo 9,1 million smartfon satmak bilen bazarda öňdeligi saklady we umumy satuwyň 19 göterimini emele getirdi. Xiaomi 7,8 million enjam we 17 göterim bazar paýy bilen ikinji ýeri eýeledi. 7,5 million smartfon iberen Samsung 16 göterim bazar paýy bilen ilkinji üçlügi soňlady.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Vivo-nyň üpjünçiligi 26 göterim, Xiaomi-niňki 3 göterim artdy, şol bir wagtda Samsung-yňky 4 göterim azaldy.
Umuman alanyňda, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Hindistanda smartfon üpjünçiligi 9% artyp, 47,1 million birlige ýetdi, bu bazaryň dünýäniň öndürijileri üçin ähmiýetlidigini görkezdi.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....