Nissan "Qashqai Honor Edition-yň" 14 müň dollarlyk ýörite wersiýasyny hödürledi

  • 22.10.2024 17:00
  • 7.3k+

Nissan kompaniýasy Qashqai krossoweriniň täze wersiýasy bolan Honor Edition-yň Hytaý bazarynda satuwa çykarylandygyny habar berdi. Bu barada IT Home habar berýär.

Täze model 14 müň dollarlyk Sincerity we 15,3 müň dollarlyk Leadership komplektasiýalarynda elýeterli bolar.
Honor Edition öň Ýewropada satuwa çykarylan Qashqai wersiýasynyň täzelenen görnüşi. Şeýle-de, Hytaýda Qashqai Classic ady bilen öňki wersiýa hem hödürlenýär.

Awtoulag 18 dýuýmlyk tigirler bilen enjamlaşdyrylan we ak, gara, altynsow we gök reňklerde hödürlenýär. Teker bazasy 2646 mm.
Esasy enjam aýratynlyklaryna goşa zolakly howa-gözegçiligi, meýdany 0,92 m² bolan panoramik üçek, sürüji üçin alty tarapa tokly sazlanýan deri oturgyçlar we 12,3 dýuýmlyk ekranly media ulgamy girýär.
Model CVT geçirijisi bilen jübütlenen 150 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik atmosfera  hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....