Täze Porsche 911 GT3 2025 modeli hödürlendi: ol 502 at güýjüne eýedir

  • 22.10.2024 12:59
  • 6.7k+

Porsche 911 GT3 2025 modeliniň täzelenen görnüşini hödürledi. Onuň çykarylyşy modeliň 25 ýyllygyna gabat gelýär diýip, motor1.com ýazýar.

Täze model beýleki 911 modellerdäki gibrid tehnologiýasynyň bardygyna garamazdan, diňe benzin ýakýan içerki hereketlendirijisini ulanmak däbini dowam etdirýär. Awtoulag aýlawda 9000-e ýetip bilýän 502 at güýjüne eýe bolup, atmosfera oppozitli, alty silindrden ybarat hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.
Kompaniýanyň inženerleri awtoulag hereketlendirijisini iki bölejik süzgüçler (filtrler) we dört sany katalitik zyýansyzlandyryjylar bilen enjamlaşdyryp, onuň daşky gurşawa zyýansyzlyk häsiýetnamasyny gowulandyrdylar. Motoryň dizaýnyna GT3 RS-den täze raspredwallar, gazma klapanlar, şol sanda täzelenen ýag radiatorlary ýaly üýtgeşmeler girizildi. Awtoulagyň iki  herekete geçirijisi bar: birinjisi, 6 tizlikli el bilen geçiriş, ikinjisi, 7 tizlikli awtomatik görnüşde.


GT3 asma aerodinamiki ryçaga eýe bolup, bu onuň saklanma güýjüni we tormoz sowadyşyny ýokarlandyrdy. Awtoulagyň aerodinamiki aýratynlyklary: öňdäki howa giriş ýerleri we täzelenen diffuzorlary bilen gowulaşdy.
Şeýle-de Porsche, uglerod süýümli üçegi, stabilizatorlar durnuklylygy, çybyklary, çalşyk paneli, ahyrky plitalary we aýna gapaklary, has ýeňil magniý diskleri öz içine alýan Weissach paketini hödürleýär.
Täze Porsche 911 GT3 modeliniň başlangyç bahasy 224,495 dollar bolup, bu bahasy 171,500 dollar bolan 2023 modelinden ep-esli gymmatdyr.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......