Türkiýede IV asyra degişli Rim galasy tapyldy, arheologlar onuň gorag ähmiýetini açdylar

  • 22.10.2024 12:38
  • 11k+

Türkiýedäki arheologlar Rim imperiýasynyň gündogar serhedini goramak üçin IV asyrda gurlan Rim galasyny tapdylar diýip, “WokrugSweta” neşiri habar berýär.

Hasankeyfde tapylan desga imperator Konstantiý II-niň dolandyran döwrüne degişlidir. Ol Persiýa bilen serhede gözegçilik etmek üçin hyzmat edipdir we strategiki taýdan möhüm ýerlerde gurlan gorag galalarynyň bir bölegidi.
Bu açyş sungat taryhçysy Zekaý Erdalyň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary tarapyndan edildi. Topar Rim arhitekturasy boýunça hünärmenler bilen maslahatlaşdy we tapylan daş bölekleriň diwar gurmak üçin ulanylandygyny anyklady. Gurluşygyň bu usuly şol döwürdäki Rim jemgyýetçilik binalarynda giňden ulanylypdyr.
Hasankeyf - ýer ýüzündäki iň gadymy ýerlerden biridir we bu ýerde ençeme ýyl bäri gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Bu ýerden dürli döwürlere degişli başga-da köp sanly artefaktlar, şol sanda demir asyrynyň heýkeljikleri we XIV-XIV asyrlaryň  freskleri tapyldy. Soňky gazuw-agtaryş işleri mahalynda halk lukmançylygynda ulanylýan jadylary öz içine alýan "şypa jamy", şeýle hem ýaý atyjylar üçin gorag bolup hyzmat eden halkalar tapyldy.
Hasankeyfiň gadymy desgalarynyň bölekleri 2018-nji ýylda tamamlanan Ilisu bendiniň gurluşygy netijesinde suw astynda galdy. Köp taryhy desgalar Arheoparka göçürildi we bu ýerde olar açyk asmanyň astynda saklanýar.


düýn 19:49
1.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......