“Dedpul we Rosomaha” prokatda “Barbiden” öňe geçip, ABŞ-da 12-nji iň girdejili film boldy

  • 21.10.2024 18:28
  • 4.6k+

Marvel-iň “Dedpul we Rosomaha” kinokomiksi ABŞ-da resmi taýdan 12-nji iň girdejili film boldy. Film 636,3 mln dollar ýygnap, “Barbiden” ($636,2 mln) öňe geçdi diýip, Variety  habar berýär.

Şeýle-de bolsa, dünýä prokatynda Margo Robbiniň baş keşbi janlandyrmagyndaky film “Dedpuldan” öňde – 1,335 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 1,445 mlrd dollar. Häzirki wagtda “Dedpul we Rosomaha” 2024-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleriniň reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Ol diňe 1,69 mlrd dollar gazanan “Tapmaça 2” multfilminden yza galýar.
“Dedpul we Rosomaha” 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda dünýä prokatyna çykdy. Režissýor hökmünde Şon Lewi (“Baş gahryman”, “Adam” taslamasy”) çykyş etdi. Filmde baş keşpleri Raýan Reýnolds we Hýu Jekman ýerine ýetirdi.
Marvel-iň indiki filmi “Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” (Капитан Америка: Дивный новый мир) bolar, ol 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda prokata çykar.


düýn 22:06
370

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......