Hytaý ýakyn ýyllarda kosmosy öwrenmek boýunça täze maksatlary kesgitledi: Mars, asteroidler we Ýupiter

  • 21.10.2024 16:35
  • 5.1k+

Hytaýyň Milli kosmos edarasy geljek onýyllykda Aýy, Marsy, asteroidleri we Ýupiteri öwrenmegi maksat edinýär. CNSA-nyň Aýy öwrenmek we kosmos inženeriýasy merkeziniň (LESEC) müdiri Guan Feniň aýtmagyna görä, iýun aýynda Ýere Aýyň arka tarapyndan getirilen ilkinji nusgalar özboluşlary aýratynlyklary görkezip, hemranyň geologiki taryhy barada gymmatly maglumatlary berýär.

Şeýlelikde, Hytaý Ýere ýakyn Kamoalewa asteroidinden (469219 Kamoalewa) nusga almak üçin Tainwen 2 missiýasyny, şeýle-de suw buzuny gözlejek we Aýda gazylyp alnan resurslary ulanmak boýunça tejribeleri geçirjek iki sany Chang’e 7 we Chang’e 8 Aý missiýasyny taýýarlaýar. Mundan başga-da, Hytaý Tainwen 3 missiýasynyň kömegi bilen Marsdan nusga ýygnamagy we 2030-njy ýylda Ýupitere kosmos enjamyny ibermegi meýilleşdirýär.
Hytaý öz kosmos maksatnamalarynda halkara hyzmatdaşlygy teklip etmek bilen, missiýalara gatnaşmak mümkinçiligini hödürleýär we ylmy gözlegler üçin nusgalara elýeterliligi üpjün edýär. Ýurt 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlary gondurmagy meýilleşdirýär, bu hem Artemis 3 missiýasynyň üstünde işleýän NASA bilen bäsdeşlik döredip biler.
CNSA-nyň baş inženeri Li Gopiniň aýtmagyna görä, Hytaý Marsdan nusgalary ýygnamak we olary NASA maksatnamalaryndan öň Ýere getirmek synanyşygyna taýýarlanýar. Tainwen 3 missiýasy aýratyn hyzmat we aşak düşürilýän modulyň hem-de 2028-nji ýylda Mars üçin gonuş we ýokary göteriş kosmos enjamlarynyň uçurylmagyny-da öz içine alar.


düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....