Britaniýaly milliarder Riçard Brenson howa şarynda stratosfera syýahata ugrar

  • 20.10.2024 22:15
  • 9.2k+

Britaniýaly telekeçi, Virgin Group kompaniýasyny esaslandyryjy Riçard Brenson howa şarynda stratosfera syýahata ugrar. Bu barada The Independent habar berýär.

Işewür dünýäde şeýle görnüşli ilkinji täjirçilik uçuşyna üç gatnaşyjynyň biri bolar. Uçuşy 2025-nji ýylda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şarda Brenson bilen birlikde Virgin Group-yň egindeş esaslandyryjylary Jeýn Poýnter we Taber MakKallum bolar.
Germetik kapsula 32 km belentlige galar. Mundan öň howa şarlary şeýle belentlige çykmandy. Şaryň birsydyrgyn uçuşy gaýtadan dikeldilýän wodorodyň kömegi bilen üpjün ediler.
Geljekde şarlar stratosfera sekiz ýolagçyny göterip biler. Şeýle uçuş üçin petegiň bahasy 125 müň dollar bolup, ol Space Perspective kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar.

“Men başdangeçirmeleri örän gowy görýärin we telekeçi kärdeşlerime olaryň biznes arzuwlaryny durmuşa geçirmäge kömek edýärin. Howa şarlaryny dolandyrmak üçin köne ygtyýarnamamdan tozany üfläp aýyrmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Brenson belledi.

Materialda Space Percpective-iň stratosfera şarlarynda uçuşlary gurnaýan dünýäde ilkinji kompaniýadygy bellenilýär. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, häzirki günde 1800-den gowrak öňünden sargyt resmileşdirildi.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......