Sinner “Six Kings Slam” ýaryşynda ýeňiji bolup, $6 mln gazandy

  • 20.10.2024 21:31
  • 2.5k+

Italiýaly tennisçi, ATP reýtinginiň lideri we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň iki gezek çempiony Ýannik Sinner Er-Riýadda geçirilen “Alty şanyň tuwulgasy” (Six Kings Slam) görkezme ýaryşynda ýeňiji boldy. 

Finalda italiýaly “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň dört gezek çempiony, ispaniýaly Karlos Alkarasy 6:7 (5:7), 6:3, 6:3 hasabynda utdy.
Üçünji ýer ugrundaky oýunda “Uly tuwulga” ýaryşynyň 24 gezek çempiony, serbiýaly Nowak Jokowiç ispaniýaly Rafael Nadaldan üstün çykdy.
“Alty şanyň tuwulgasy” ýaryşy dünýäniň iň güýçli tennisçilerini bir ýere jemledi. Ýaryşyň maliýe tarapy haýran galdyrýar: her gatnaşyjy azyndan 1,5 mln dollar alýar, ýeňiji hökmünde Ýannik Sinner bolsa 6 mln dollar möçberde baş baýragy aldy.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....