Nigeriýaly okuwçylar ýüpde bökmek boýunça Ginnesiň rekordlaryny täzeledi

  • 20.10.2024 19:52
  • 6k+

Üç nigeriýaly okuwçy – Gbenga Damilare Ezekil, Dubem Dunsin Emmanuel we Solomon Filip Aýobami ýüpde (prygolkada) bökmek boýunça gazanan üstünlikleri netijesinde 2025-nji ýylyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdiler. Olar birbada birnäçe rekordy täzeledi.

18 ýaşly Gbenga birbada iki rekord goýdy:

  • Bir aýakda bir minutda bökmegiň sany boýunça: ol bu rekordy ilkinji gezek 2022-nji ýylda goýdy – 265 böküş. Häzir ol netijesini 278-e çenli gowulandyrdy.
  • Bir aýakda minutda bir böküşde ýüpüň iki gezek aýlanmagy boýunça – 144 böküş.

Gbenga bu üstünligiň 14 ýaşyndan bäri taýýarlyk görýän durmuşyndaky iň uly wakasy bolandygyny belleýär.
17 ýaşly Dubem Ginnesiň rekordlar kitabynyň awtorlaryny özüniň “atanaklaýyn” tehnikasy bilen haýran galdyrdy, ol 30 sekuntda 78 gezek bir böküşde ýüpüň iki gezek aýlanmagyny gazandy.
Ýene bir 17 ýaşly rekord eýesi Solomon ýarym minutda bir aýakda ýüpi atanak etmek bilen 69 böküşi ýerine ýetirdi. Şeýle-de, ol gözüni daňyp, bir aýakda atanaklaýyn bökmek boýunça rekordy gaýtalady – 30 sekuntda 62 böküş.


Ýetginjekler Akure şäherinde ýaşaýar, olar bu ýerde tälimçi Ukandu Çibuisiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. Hut ol çagalara zehinini ýüze çykarmaga, soňra rekordy hasaba aldyrmak üçin arza ibermäge kömek edýär.

Hemaýatkärleriň ýokdugyna we okuwçylara degişli ýaryşlara gitmäge mümkinçilik bermeýän beýleki kynçylyklara garamazdan, olaryň tälimçisi elini goýbermedi. Ol okuwçylaryň tagallalaryny netijeleri gowulandyrmaga gönükdirdi, bu hem ahyrynda öz miwesini berdi.
Rekord eýeleri maşgalalarynyň we dostlarynyň bu üstünliklere buýsanýandygyny we olaryň ýüzünde peýda bolýan tolgunmany görmegi gowy görýändigini aýdýarlar. Olar öz rekordlaryny “Akureniň ähli ogul-gyzlaryna” bagyşlady.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....