Kitaphana iň gijikdirilip gaýtarylan kitap: Baýronyň ýygyndysy kitaphana 113 ýyldan soň gaýtaryldy

  • 20.10.2024 19:45
  • 4.6k+

20-nji asyryň başynda Angliýanyň Kambriýa graflygyndaky mekdep kitaphanasyndan alnan kitap 113 ýyldan soň yzyna gaýtaryldy diýip, “Guardian” gazetiniň şenbe günündäki sanyna salgylanýan ria.ru habar berýär.

Gazetdäki makalada: "Birinji jahan urşundan öň mekdep kitaphanasyndan okamaga alnan kitap ahyrsoňy yzyna gaýtaryldy" diýlip ýazylýar.
Gürrüňi edilýän kitap, 1911-nji ýylda Leonard Ýubank atly okuwçy tarapyndan mekdep kitaphanasyndan okamaga alnan, iňlisleriň meşhur şahyry Jorj Baýronyň eserler ýygyndysydyr.
Leonard Ýubank 1893-nji ýylda doglup, orta mekdebi 1911-nji ýylda tamamlaýar we Oksford uniwersitetine okuwa girýär. Gazet makalasynda dört ýyldan soň Ýubank gözüniň pesligine garamazdan, söweşe çagyrylýar we 1916-njy ýylyň fewral aýynda wepat bolýar diýip bellenilýär.
20-nji asyryň başynda kitaphanadan alnan kitap Uelsde tapyldy we tapyndy mekdebe gaýtaryldy diýip, neşirde ýazylýar.
“Guardian-yň" bellemegine görä, bu ýygyndy taryhda tabşyrylmaly möhletinden geçen iň “köne” kitaphana kitaplaryndan biri bolup biler.


16.05.2026 22:44
5.7k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
939

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......