Iordaniýada gadymy Petra şäherinde “Faraonyň hazynasynyň” astynda 2000 ýyllyk aramgäh tapyldy

  • 19.10.2024 19:49
  • 8.8k+

Arheologlar gadymy Petra şäherinde (Iordaniýa) 2000 ýyllyk aramgähi tapdylar. Bu barada Live Science ýazýar.

Gadymy şäher kino söýüjileriň köpüsine tanyşdyr – bu ýerde Stiwen Spilberg “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” atly filmini surata düşürdi. Aramgäh belli “Faraonyň hazynasynyň” (El-Hazne) astynda tapyldy. 1989-njy ýyldaky filmiň sýužeti boýunça, bu ýerde Mukaddes Graal ýerleşýärdi.
Aramgähde tapylan artefaktlar b.e.öň I asyryň ortalaryndan b.e. II asyrynyň başlaryna çenli döwre degişli. Mazarda 12 adamyň jesedi tapyldy.
Jaýlananlaryň biriniň elinde ybadat üçin ulanylýan gaby ýatladýan keramiki gap bardy. Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, bu açyş uly halkara ähmiýete eýe, sebäbi Petrada bu döwrüň mazarlary seýrek tapylýar.
Aramgäh Sent-Endrýus uniwersitetinden geofizik Riçard Beýts tarapyndan geçirilen uzak aralykdan zond barlagy arkaly tapyldy. Ol tapyndynyň şäheriň we, takmynan, 2 müň ýyl mundan ozal şalygynyň iň ýokary derejesine ýeten nabatei halkynyň taryhyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Käbir hünärmenler, şol sanda antropolog Megan Perri açyşyň ähmiýetine şübheli garap, munuň köp sanly mazarlaryň tapylan ýeri bolan Petra üçin geň däldigini aýdýar. Muňa garamazdan, arheologlaryň aglabasy tapyndyny gadymy şäheri öwrenmekde möhüm ädim hasaplaýar. Edinburg uniwersitetinden arheolog Lýusi Weýdson bu tapyndy gadymy jaýlama däplerini dikeltmäge mümkinçilik berer diýip pikir edýär.


düýn 11:11
2.3k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

20.05.2026 17:37
3.2k+

Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir

Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......

20.05.2026 11:33
3.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheriniň täze yzlary tapyldy

Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen......