Meşhur grossmeýster Naýjel Şort Aşgabatda boldy we blis ýaryşyna gatnaşdy

  • 19.10.2024 10:40
  • 9.3k+

Meşhur iňlis grossmeýsteri Naýjel Şort Türkmenistana geldi. Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň we Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň çakylygy boýunça gelen grossmeýster, saparynyň dowamynda Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine bagyşlanan Halkara sergisine we ylmy konferensiýa gatnaşdy.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogy (KFK) üçin blis ýaryşyna gatnaşdy. Kubok üçin 300-den gowrak küştçi bäsleşdi we Naýjel Şort dokuz oýunda 7,5 utuk gazanyp, ýeňiji boldy. Emma, ​​“Türkmenistan: Altyn Asyr” onlaýn neşiriniň bellemegine görä, türkmen türgenleri hem grossmeýstere mynasyp garşylyk görkezdiler. Ikinji orny eýelän halkara grossmeýsteri Maksat Atabaew Şort bilen deňme-deň oýnady, ýaryşda üçünji orny eýelän Amanmuhammet Hommadow bolsa Şort bilen bolan oýunlaryň birinde ony ýeňmegi başardy, ýöne beýleki duşuşyklarda utuklaryny ýitirdi.
Gyzlaryň arasynda Lebap welaýatyndan bolan Lala Şöhradowa we Leýla Şöhradowa doganlary beýlekilerden üstün çykdylar.

Rapid boýunça geçirilen ýaryşyň 1-nji tapgyrynda utulandygyna garamazdan, Amanmuhammet Hommadow galan 10 oýnunda ýeňiş gazandy we birinji ýeri eýeledi.
Bäsleşigiň ýapylyş dabarasyna Beýik Bitaniýanyň ilçisi Stiwen Konlon gatnaşyp, ýeňijä we öz watandaşyna altyn medaly gowşurdy.
Dürli kategoriýalarda: nusgawy küşt, rapid we blis, şeýle hem dürli ýaş kategoriýalarynda oýnan 45 ýeňijä, kuboklar, medallar, sertifikatlar, guramaçylar tarapyndan pul baýraklary, hemaýatkärleriň – Regus, Intertek, Erem, ImdatBot we Ýigit kompaniýalarynyň sowgatlary we sowgat sertifikatlary gowşuryldy. Daşary ýurtdan gelen myhmanlara bolsa, guramaçylar milli türkmen donuny we telpegini geýdirdiler.

Iňlis ilçisi we iňlis grossmeýsteri Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýerleşýän küşt muzeýini görmäge bardylar we başlangyç synplaryň okuw prosesine syn etdiler. Mekdebiň eýwanynda ýerleşýän uly küşt tagtasy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ol ýerde myhmanlar “Iňlis başlangyjy” bilen oýun oýnadylar.
Şeýle hem öz saparynyň çäginde Şort, 10 ýaş küştçi bilen bir wagtyň özünde küşt seansyny geçirdi we ýaşlaryň başarnyklaryna ýokary baha berdi. 
Grossmeýster: "Aşgabadyň gözelligi, küşt infrastrukturasynyň ösen bolmagy, şeýle hem ýaş türkmen küştçüleriniň zehin-başarnyklary Türkmenistanyň iň ýokary derejeli halkara küşt ýaryşlaryny geçirmäge taýýardygyny görkezýär". 
Şort 14 ýaşynda Halkara ussady we 19 ýaşynda Grossmeýster diýen ada eýe boldy. Öz karýerasynda birnäçe küşt olimpiadalarynda Angliýa wekilçilik edip, köp ýaryşlarda ýeňiji boldy. Şol bir wagtyň özünde, 1993-nji ýylda Dünýä çempiony adyny almak üçin Garri Kasparowa garşy oýnanda, iň uly halkara şöhratyny gazandy. Şol oýnuň ýeňijisi Kasparow bolupdy.
Naýjel Şort oýun karýerasyndan başga-da, küşt teswirçisi, tälimçi we administrator hökmünde işledi. 2018-nji ýylda Bütindünýä küşt federasiýasynyň (FIDE) prezidentligine dalaş etdi. Häzirki wagtda FIDE-niň küşt ösüşi boýunça müdiri wezipesini eýeleýär.


18.06.2026 14:40
3.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......