Hytaýda pişikleri we itleri kafe işe alyp başladylar. Olar iým üçin pul gazanýar

  • 18.10.2024 12:37
  • 17k+

Hytaýda öý haýwanlarynyň eýeleri öz itlerini we pişiklerini ýörite “pişik-kafe” we “it-kafe” işe ugradyp başladylar. Bu tygşytlylyk hem-de öý haýwanlarynyň hojaýynlary ýok wagty ýüreginiň gysmazlygy üçin edilýär diýip, CNN habar berýär.

Hytaýda kafelerde işleýän öý haýwanlary myhmanlary has işjeň çekmäge kömek edýär we şeýle edaralaryň eýeleri girdeji taýdan utýarlar. Şeýle kafelere giriş adam başyna 30 – 60 ýuana barabar. Bu ýerde myhman bir çaşka kofe-de sargyt edip biler.
Hojaýynlaryň aýtmagyna görä, tomusda howanyň örän yssydygy sebäpli öýde ýeke galan öý haýwany üçin kondisioner işletmeli bolýar. Bu hem elektrik energiýasy üçin çykdajyny artdyrýar. Kafede bolsa itiň we pişigiň özi ýaly haýwanlar bilen ýüregi gysmaýar, myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär, iým üçin pul gazanýar, şol bir wagtyň özünde öýde bolsa elektrik energiýasy tygşytlanýar.
Hytaýda hojaýynyň işe gitmezden ozal öý haýwanyny işe ibermek tendensiýasy Zhuan lingshi qian adyny aldy, bu “garbanmak üçin pul gazanmak” diýmegi aňladýar. Öý haýwanlary kafede işe doly ýa-da ýarym gün çykyp bilýärler, soňra adamlar ýaly gijesine öýüne gaýdýarlar.
Hytaýda ilkinji pişik kafesi 2011-nji ýylda Guançžou günorta şäherinde açyldy we CBNData neşiriniň maglumatlaryna görä, şeýle edaralaryň sany her ýyl 200% artýar. 2023-nji ýyla çenli ýagdaýa görä, ýurtda şular ýaly 4 müňden gowrak iýip-içmek nokady bardy. Soňky aýlarda bolsa şeýle edaralaryň hem-de öý haýwanlarynyň hojaýynlary Xiaohongshu sosial ulgamynda işe alynýandygy barada bildirişleri we rezýumeleri ýerleşdirip başladylar.


18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....