Müsüriň Giza şäherinde 22 ýyllap gurlan dünýäde iň gymmat muzeý açyldy

  • 18.10.2024 16:11
  • 14k+

16-njy oktýabrda Gizada synag režiminde Uly Müsür muzeýi açyldy. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, The Guardian habar berýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 22 ýyl we 1 mlrd dollardan gowrak serişde sarp edildi. 

Müsüriň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministriniň muzeýiň arheologiki meseleler boýunça kömekçisi at-Taýeb Abbasyň aýtmagyna görä, heniz belli bolmadyk resmi açylyş senesine çenli muzeýe 4 müň adam baryp görer. Synag görnüşde açylyş muzeýiň logistikasyny seljermäge hem-de doly açylmaga we syýahatçylaryň gelmegine taýýarlanmaga mümkinçilik berer.
Muzeýde jemi 12 zal bolup, olaryň her birinde azyndan 15 müň artefakt hödürlenýär. Galereýalar taryhy döwürlere we nesilşalyklara görä toparlara bölündi. Taslamanyň ýolbaşçysy Eýssa Zidanyň bellemegine görä, ähli zallar döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi: gadymy müsürliler, şol sanda patyşalar barada gürrüň berýän multimediýa tanyşdyryşlary bar, zallaryň birinde bolsa Gadymy Müsüriň jaýlama däpleri barada gürrüň bermek üçin wirtual hakykat tehnologiýasy ulanyldy.


Häzirlikçe hemme zal elýeterli däl. Ýöne beýikligi alty gatly bina ýaly, golaýdaky Giza piramidalaryna tarap görnüş berýän basgançak açyk. Muzeýiň beýleki böleklerini, şol sanda Tutanhamonyň hazynalar ýygyndysyny gijräk açmak meýilleşdirilýär.
Muzeýiň gurluşygy 2005-nji ýylda başlady. 2003-nji ýylda Heneghan Peng Architects kompaniýasy binany taslamalaşdyrmak üçin şertnama aldy. Dürli sebäplere görä muzeýiň gurluşygy ençeme gezek togtadyldy, 2022-nji ýylyň ahyrynda bolsa muzeý uly bolmadyk ekskursiýa toparlary üçin bölekleýin açyldy.
Uly Müsür muzeýine ýylda 5-7 mln adamyň baryp görmegine garaşylýar. Müsüriň syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, müsürliler üçin giriş peteginiň bahasy 60 Müsür funty (1,2 dollar), daşary ýurtly syýahatçylar üçin 200 funt (4,1 dollar) bolar.


10.06.2026 16:40
2.7k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
9.8k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......