Alymlar Aýdaky iň uly krateriň takyk ýaşyny anykladylar

  • 18.10.2024 12:36
  • 5.7k+

Mançester uniwersitetiniň britaniýaly alymlary Hytaýdan we Şwesiýadan kärdeşleriň gatnaşmagynda Aýdaky iň uly we iň gadymy Günorta polýus – Eýtken basseýniniň takyk ýaşyny anykladylar. Ylmy gözleg Nature Astronomy ylmy žurnalynda neşir edildi.

Günorta polýus – Eýtken basseýni Aýyň arka tarapynda ýerleşýän ägirt uly kraterdir. Onuň diametri, takmynan, 2,4 müň km bolup, çuňlugy 8 km ýetýär. Ol kometalaryň we asteroidleriň gaçmagy sebäpli emele gelipdir, ýöne onuň peýda bolan wagty diňe çen bilen bellidi we Aý döränden soň ilkinji 500 mln ýyl diýlip çaklanylýardy.
Täze ylmy gözlegde topar 2005-nji ýylda Alžirde tapylan Northwest Africa 2995 Aý meteoritini seljerdi. Ol birwagtlar güýçli urgynyň netijesinde kosmosa zyňylan dürli görnüşli Aý jynslaryndan ybarat. Meteoritiň içindäki uranyň we gurşunyň mukdaryny öwrenip, ylmy gözlegçiler elementleriň ýaşynyň 4,32 – 4,33 mlrd ýyldygyny kesgitlediler.
Alymlar Günorta polýus – Eýtken basseýniniň ýaşy baradaky soňky maglumatlaryň öňki çaklamalardan 120 mln ýyl öňdügini aýdýar.
Mançester uniwersitetiniň professory Ketrin Joý Günorta polýus – Eýken basseýniniň çak edilýän 4,32 mlrd ýyl bolan gadymy ýaşyny indi krateriň içindäki belli ýerlerden Aý jynslaryny ýygnaýan missiýalaryň kömegi bilen barlamalydygyny belledi.


şu gün 10:53
284

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....