Aşgabatda GDA-nyň Zähmet we iş üpjünçilik boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçirilýär

  • 18.10.2024 12:22
  • 2.9k+

17-18-nji oktýabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirilýär. Bu barada TDH habar berdi.

Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Bu çäre taraplaryň köpugurly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Hususan-da, geňeşiň geçen ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen 36-njy mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi, GDA agza döwletleriň 2022 — 2024-nji ýyllarda durmuş-zähmet pudagynda hyzmatdaşlygynyň netijeleri hem-de geljek üçin göz öňünde tutulýan wezipeler, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda durmuş-zähmet pudagyndaky ýagdaýlar barada maglumatlar diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda gazanan üstünlikleri we ösüşleri tanyşdyryldy.
Ýörite taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň muzeýleri we gözel ýerleri bilen tanşarlar.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....