Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

  • 18.10.2024 11:42
  • 2.5k+

Şu gün, 18-nji oktýabrda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly açylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow festiwala gatnaşyjylary gutlady.

Teatr festiwalynyň dowamynda TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, suratkeşleriň festiwaly, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň duşuşygy geçiriler. Olarda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmegine, tejribe alyşmagyna ýardam berer.

"Bu festiwalyň türki döwletlerden medeniýet we sungat ussatlaryny, teatr toparlaryny ak mermerli Aşgabada jemlemek bilen, teatr sungatynyň jadyly güýjüni açyp görkezjek hakyky sungat baýramçylygyna öwrüljekdigine, sahna oýunlarynyň tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirli duýgulary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn" - diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


düýn 01:36
4.3k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
6.9k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....