“Kosmiki” dizaýnly düýbünden täze Nissan Murano 2025 hödürlendi  

  • 18.10.2024 11:23
  • 9.2k+

Nissan düýbünden täze Murano krossowerini hödürledi. Awtomobil bütinleý täze dizaýna eýe boldy we ol Ariya elektrik krossoweriniň dizaýnyny ýada salýar. Salonda hem Ariya-daky ýaly minimalizm orun aldy.

Dördünji nesil krossoweri ýol bilen aralyga (klirens) 5 sm we inligine 6,6 sm goşdy, ýöne uzynlygy we beýikligi üýtgemedi diýen ýaly, tigir bazasy hem öňküsi ýaly 2824 mm bolup galdy. Öňde oturýanlar üçin aýak goýulýan ýer hem öňküsinden giňeldi.
Interýerde diagonaly 12,3 dýuým bolan iki ekranly panel bar. Mediaulgama Google hyzmatlary birikdirildi, şeýle-de Apple CarPlay we Android Auto simsiz interfeýsleriniň goldawy, töwerekleýin syn ediş ulgamy, işjeň galmagy ýatyryş ulgamy, şeýle-de Nissan Safety Shield 360 howpsuzlyk ulgamlarynyň toplumy bar.

Tehnika böleginde iň esasy täzelik V6 hereketlendirijisiniň we wariatoryň ýoklugy boldy. Indi Murano kuwwaty 244 at güýji bolan dört silindrli 2,0 litrlik turbomotor we 9 basgançakly awtomatiki hereket geçiriji bilen enjamlaşdyrylýar. Esasy wersiýada öňdäki herekete getiriji, goşmaça töleg üçin doly herekete getiriji hödürlenýär.
Krossoweriň bahasy 2025-nji ýylyň başynda satuwa golaý mälim ediler. Esasy wersiýanyň çen bilen bahasy, takmynan, 40 müň dollara barabar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....