Samsung sähel aratapawut bilen dünýäniň smartfon bazarynda öňdeligi saklaýar

  • 18.10.2024 11:07
  • 3.7k+

Canalys analitikleri üçünji çärýegiň jemi boýunça smartfon bazaryna baha berdiler we Samsung kompaniýasynyň tas öňdebaryjylygy ýitirip biljekdigini bellediler.

Kompaniýa bazaryň 18%-ini eýeledi, ýöne Apple-iň paýy-da 18% boldy, olaryň arasyndaky tapawut, analitikleriň bellemegine görä, ýarym göterimden hem az. Ýöne takyk maglumatlar berilmeýär. Bir ýyl ozal kompaniýalar, degişlilikde, 21% we 17% eýeläpdi, häzir bolsa Samsung öz paýyny ep-esli ýitirdi, Apple, tersine, sähel artdyrdy.
Şeýle-de, bazardaky görkezijisini 13%-den 14%-e çenli Xiaomi ýokarlandyrdy, Oppo 10%-den 9%-e düşdi, Vivo bolsa bir ýyl ozalky 8%-e garşy 9% paýa eýe boldy. Galan kompaniýalaryň ählisi bilelikde bir ýyl ozalky ýaly 32% paý aldy.
Analitikler iPhone 15 modeline we has köne modellere bolan ýokary islegiň Apple kompaniýasyna öz paýyny artdyrmaga mümkinçilik berendigini belleýärler. Dördünji çärýegiň netijesi, ilkinji nobatda, täze iPhone smartfonlarynyň çykmagyna görä kesgitlener.
Ýeri gelende bellesek, 16-njy oktýabrda Apple kompaniýasynyň hyzmatlarynda köpçülikleýin bökdençlik bolup geçdi. Ýaponiýadan, Awstraliýadan başlap, Russiýa, Kanada we ABŞ çenli dürli ýurtlarda kompaniýanyň App Store dükany, Apple onlaýn goldaw saýty, Apple Music we beýleki hyzmatlary açylmagyny bes etdi diýip, Çempionat portaly habar berýär.
Bu näsazlygyň näme bilen baglanyşyklydygy belli däl. Kompaniýa bu barada hiç hili teswir bermedi we hyzmatlaryň haçan kadaly işlejekdigini aýtmady.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....