Nissan ýol başdangeçirmelerini we futboly halaýanlar üçin Project Trailgater pikapyny hödürleýär

  • 17.10.2024 23:49
  • 8.3k+

Nissan täzelenen Frontier Pro-4X-e esaslanýan täze Project Trailgater pikap ulagyny hödürledi. Music City Trucks bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen bu täsin ulag, ýol başdangeçirmeleri üçin we futbol oýunlaryna tomaşa etmek üçin dürli funksiýalary hödürleýär diýip, 32Cars.ru ýazýar.

Project Trailgater lift-toplumyny, kämilleşdirilen asgyjy, sport amortizatorlaryny we 17 dýuýmlyk Yokohama Geolandar M/T şinaly tekerleri öz içine alýar. Goşmaça faralar we üçegindäki zat salynýan ýeri pikapyň ýolsuz ýerden ýöremek mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.
Project Trailgater-iň esasy elementi onuň göçme dynç alyş giňişligine öwrülmegidir. Ulagyň ýük salynýan ýerinde 43 dýuýmlyk iki telewizor, ses paneli, propan grili we Dometic sowadyjysy bar. Yzky oturgyçlar, litiý-ion batareýasyny we uzak ýerlerde-de futbol oýunlaryny ýaýlymda görmek üçin Starlink hemra aragatnaşyk enjamlaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän ýörite plastinka bilen çalşyldy.

Şeýle hem pikap 180 W gün paneli we aşhana bilen üpjün edilendir. Bu şertleriň hemmesi açyk meýdanda oturylyşyklary rahat gurnamak üçin döredildi.
Adaty Frontier wersiýasy 9 basgançakly awtowatiki geçirijisi we doly priwod ulgamy bilen işleýän, 310 at güýjüni öndürýän 3,8 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
Project Trailgater, Nissan-yň beýleki dört konsepsiýasy bilen birlikde indiki aý SEMA sergisinde hödürlener.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....