Royal Mansour Marrakech dünýäniň iň myhmansöýer oteli diýlip ykrar edildi

  • 17.10.2024 13:53
  • 4.4k+

Marokkoda ýerleşýän Royal Mansour Marrakech oteli The World’s 50 Best Hotels reýtinginiň çäklerinde abraýly “Art Of Hospitality Award” baýragyny aldy. Bu baýrak myhmansöýerlik boýunça 600-den gowrak hünärmeniň ses bermegi esasynda myhmansöýerligiň iň ýokary derejesi üçin berilýär diýip, The North Africa Post neşiri ýazýar.

Emin agzalary oteliň işgärleriniň her bir ownujak zatlara, atmosfera we hyzmatyň hiline aýratyn üns berýändigini belledi, bu bolsa Royal Mansour Marrakech-y dünýäde iň myhmansöýer otele öwürdi.
Gadymy Marrakeş şäheriniň merkezindäki ajaýyp binagärlik nusgasy 53 sany hususy riaddan – her birinde baş hyzmatkär bolan içi bagly üç gatly willalardan ybarat. Otel işgär üçin gizlin tunneliň kömegi bilen özboluşly gizlinlik derejesini hödürleýär.


Otel Marokkonyň patyşasynyň emlägi bolup, Magribiň däp bolan myhmansöýerligini görkezýär. 2023-nji ýylda bu ýerde “Mişlen” ýyldyzlarynyň eýesi, şef-aşpez Elen Darrozyň ýolbaşçylygynda La Grande Brasserie restorany açyldy. 2024-nji ýylda oteliň iki restorany – La Grande Table Marocaine we Sesame Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Amerikanyň iň gowy edaralarynyň hataryna girdi.


düýn 16:31
3.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......