ABŞ-da dünýäde ilkinji dik miwe fermasy açyldy: ol ýylda 1,8 mln kg hasyl berip bilýär

  • 17.10.2024 13:34
  • 10k+

ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda dünýäde ilkinji uly ýapyk dik ferma açyldy. Ol ýylda 1,8 million kilogramdan gowrak ýertudanany öndürmek üçin niýetlenendir diýip, Fox News habar berýär.

Plenty Richmond fermasy bir akrdan az meýdanda her ýyl 1,8 million kilogramdan gowrak ýertudanany öndürip bolar ýaly ýagdaýda taslanyldy. Şeýle hasyl ösen dik ekarançylyk tehnologiýasynyň kömegi bilen gazanylýar: gözegçilikde saklanýan gurşawda ýertudana 3,7 inedördül metrden az meýdanda beýikligi dokuz metr bolan diňlerde ösdürilip ýetişdirilýär.
Ferma emeli aňyň kömegi bilen dolandyrylýar.
Bu fermanyň iň möhüm taraplarynyň biri onuň daşky gurşawa oňyn täsir etmegidir. Ol adatdakysyndan 97% az ýer ulanýar we 90%-e çenli az suw sarp edýär. Bu hem ýertudany howa şertlerine garamazdan ösdürmäge mümkinçilik berip, ýylboýy önümçiligi üpjün edýär.


düýn 16:10
2.9k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
964

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....