Britaniýaly daýhan kädiden “Bitljusyň” mozaikasyny düzdi

  • 16.10.2024 18:19
  • 8.4k+

Britaniýaly daýhan Ýan Nelson kädiden “Bitljusyň” mozaikasyny düzdi diýip, UPI agentligi habar berýär. Daýhanyň aýtmagyna görä, mozaika üçin mowzuk özüniň we kärdeşleriniň ses bermegi arkaly saýlandy. Netije sesleriň 70%-iniň “Bitljusa” berlendigini görkezdi. Şondan soň daýhan we beýleki höwesjeňler işe girişdiler.

“Mozaikany döretmek üçin 10 müňden gowrak kädi we kabaçok gerek boldy. Taslamany meýilleşdirmek üçin, takmynan, 50 sagat, ony iş ýüzüne geçirmek üçin bolsa 15 adamyň gatnaşmagynda bary-ýogy bir gün sarp edildi” – diýip, Nelson gürrüň berdi.

Häzirlikçe täze mozaikanyň 2023-nji ýylda kädiniň kömegi bilen “Roždestwonyň öňüsyrasyndaky elhençlik” multfilminden Jek Skellingtonyň şekilini döretmek bilen goýlan dünýä rekordyny täzelejekdigi ýa-da ýokdugy belli däl.
Ýatlap geçsek, 1998-nji ýylyň “Bitljus” filminiň ikinji bölümi 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä prokatyna çykdy. Onda rollary Jenna Ortega, Monika Belluççi, Ketrin O’Hara, Maýkl Kiton, Waýnona Raýder, Uillem Defo we beýleki aktýorlar ýerine ýetirdi.


16.05.2026 22:44
6.2k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
955

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......