Kianu Riwz we Arnold Şwarsenegger “Gizlin dereje” atly täze serialdaky gahrymanlara ses bererler

  • 16.10.2024 18:05
  • 3.9k+

Blur Studio-nyň wideo oýunlara bagyşlanan “Gizlin dereje” (Secret Level) animasiýa antologiýasynyň treýleri möhletinden öň onlaýnda peýda boldy. Wideonyň özüni doly diýip aýdyp bolmaz, sebäbi gutarylmadyk animasiýa parçalary bar, ýöne gahrymanlara ses berýän aktýorlaryň ýyldyzlar toparynyň kimlerdigini bilip bolýar diýip, mp1st.com habar berýär.

Ses berýän aktýorlaryň arasynda Kianu Riwz, Arnold Şwarsenegger we ogly Patrik, Kewin Hart we gyzy Hewen, Gabriel Luna we Lora Beýli, Emili Suollou we beýlekiler ýaly, Golliwudyň ýyldyzlarynyň atlary bar.
Keşpler baradaky jikme-jiklikler henizem syr bolup galsa-da, ýaýradylan treýler Kianu Riwziň öz daş sypatyny Armored Core oýnunda esaslandyrylan gahrymanlaryň  birine sowgat etjekdigi mälimdir.
“Gizlin dereje” antologiýasynyň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Amazon Prime platformasynda görkeziler. 15 bölüm meýilleşdirildi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......