Hyundai gural panellerini alyn aýnadaky golografiki displeýler bilen çalşar

  • 16.10.2024 15:11
  • 5.9k+

Günorta Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi Germaniýanyň Zeiss kompaniýasy bilen bilelikde innowasiýa tehnologiýasyny hödürledi diýip, IT Home neşiri habar berýär.

Kompaniýa golografiki displeýleriň hatyrasyna adaty gural panellerinden ýüz öwrer. Spidometr, ýangyjyň derejesi we nawigasiýa ýaly, ulag hakyndaky ähli maglumatlar  ýarym dury interfeýs görnüşinde alynky aýnada görkeziler.

Golografiki displeýleriň önümçiligi Günorta Koreýanyň Kengido welaýatynda ýerleşýän Hyundai Mobis zawodynda ýola goýlar.

Tehnologiýanyň aýratynlygy adaty ekranlary awtoulagyň interýerinden doly çykarmakdyr - ähli zerur maglumatlar alyn aýnada görkezilýär we ulanyjy gurallary sazlamaga hem-de diňe özüne gerekli maglumatlary ekrana çykarmaga mümkinçilik alýar. Ýolagçy hem güýmenje hyzmatlaryna girmek üçin golografiki displeýi ulanyp biler, şol bir wagtyň özünde onuň üçin maglumatlar sürüjä päsgel bermeýän görnüşde sazlanar.

Alyn aýnalardaky gologrammalar Mersedes S-Class ýaly käbir modellerde eýýäm ulanylyp ýör, ýöne Hyundai bu tehnologiýany tutuş gural paneli boýunça durmuşa geçiren ilkinji öndüriji bolar. Prototipi 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çykaryldy we müşderilerden oňyn seslenme aldy. 2027-nji ýylda tehnologiýany köpçülikleýin öndürmek we awtoulaglara birikdirmek meýilleşdirilýär.

Hyundai bu täzelik sürüjilere amatlylyk we howpsuzlyk döredip, salonyň ekranlaryna az üns bermäge we ünsüni öňdäki ýola jemlemäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýar.


düýn 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......