"Joker 2" harajatyny ödäp bilmez: iki hepdäniň içinde film bary-ýogy 165 million dollar gazandy

  • 15.10.2024 20:22
  • 7.6k+

“Joker: Iki adamlyk telbelik” (Джокер: Безумие на двоих) filmi prokatda harajatyny ödäp bilmez. Ikinji hepdäniň netijelerine görä, filmiň dünýädäki kassa ýygymlarynyň girdejisi bary-ýogy 165 million dollar boldy, bu şeýle uly taslama üçin garaşylan netijeden ep-esli pesdir diýip, Variety neşiri habar berýär.

Film ikinji hepdesinde 45 million dollar töweregi girdeji gazandy, bu bolsa kinokomiksleriň arasyndaky iň uly şowsuzlyklaryň biridir.
Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, filmiň önümçilik çykdajylaryna 200 million dollar töweregi sarp edildi. Harajatyny ödemek üçin, film azyndan 450 million dollar girdeji gazanmaly, bu bolsa indi başa barmasa gerek.
Ýitgileriň öwezini dolmak üçin Warner Bros. filmiň strimingde goýberiljek senesini 19-njy noýabrdan 29-njy oktýabra geçirdi. Kompaniýa irki sanly relizde girdeji gazanmaga synanyşýar.
Variety neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Warner Bros. 150 million dollara golaý ýitirip biler, bu soňky ýyllarda kino pudagynda bolup geçen iň uly şowsuzlyklaryň biri bolar. Kompaniýanyň wekili insaýderleriň maglumatlaryny ret etdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......