90 ýaşly meşhur modelýer Jorjio Armani iki-üç ýyldan pensiýa çykmagy meýilleşdirýär

  • 15.10.2024 20:10
  • 15k+

Italiýanyň iň meşhur modelýeri, Giorgio Armani lýuks moda öýüni esaslandyryjy Jorjio Armani “Corriere della Sera” gündelik gazeti bilen söhbetdeşlikde geljek iki-üç ýylyň içinde pensiýa çykmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

“Kompaniýanyň ýolbaşçysy hökmünde ýene iki-üç ýyl işläp bilerin. Ondan köp däl, bu oňaýsyz bolardy” – diýip, ol belledi.

Tas 50 ýyl mundan ozal döreden kompaniýasynyň geljekki garaşsyzlygyny gorap saklamaga çalyşmak bilen, ol özüniň moda imperiýasyny dolandyrmak üçin “özboluşly gurluşy, taslamany, teswirnamany döredendigini” habar berdi, ýöne bu barada giňişleýin aýtmady.
Moda işine gelmezden ozal Armani lukmançylyk ugrundan bilim aldy, fotosuratçynyň kömekçisi bolup işledi, soňra harby gulluga gitdi. Gullukdan soň, 1957-nji ýylda Armani Milanyň uniwermaglarynyň birine işe ýerleşdi. Ol ýerde ammarçy, witrina bezegçisi, haryt satyn alyjy bolup işläp, karýerasyny ýola goýdy. Söwdada işlemek oňa marketingiň esaslaryny öwretdi we moda pudagy barada ilkinji bilimleri berdi.
1960-njy ýyllarda Jorjio modelýer we Cerruti 1881 moda öýüni esaslandyryjy Nino Çerrutiniň elinde dizaýner boldy. Ol ýerde alty ýyl töweregi erkek egin-eşiklerini biçdi we tikdi, soňra beýleki meşhur dizaýnerleriň ýanynda-da stilist bolup işledi.
Armani öz kompaniýasyny 1975-nji ýylda esaslandyrdy. Bir ýyldan soň bolsa öz ady bilen ilkinji taýýar eşik kolleksiýalaryny hödürledi.
Armaniniň mirasdüşerleriniň arasynda onuň aýal dogany, bu kompaniýada işleýän ýene üç maşgala agzasy, onuň ençeme wagtdan bäri egindeşi we hyzmatdaşy Pantaleo Dell’Orko we haýyr-sahawat gaznasy bolar diýlip garaşylýar.

11.06.2026 13:03
7.3k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....