“Tagtlaryň oýnundaky” demir tagt auksionda 1,49 mln dollara satyldy

  • 15.10.2024 16:30
  • 17k+

Dallasda geçirilen Heritage Auctions auksionynda “Tagtlaryň oýny” (“Игра престолов”) serialyndaky Demir tagt tas 1,5 mln dollara satyldy. Bu predmet auksionyň iň gymmat harydy boldy. Umuman alanyňda, çäre 21 mln dollar ýygnady diýip, CNN habar berýär.

Demir tagt alty minut dowam eden gyzgalaňly söwdadan soň 1,49 mln dollara satyldy. Bu rekwizit plastikden ýasalan we metal boýag bilen örtülip, daşlar bilen bezelendir. Tagt serialyň hökmürowanlygy we tagt ugrundaky göreşi görkezýän esasy elementi boldy.
Şeýle-de, auksionda bu serialdan esasy gahrymanlaryň biri Jon Snouwyň gylyjyny we Gijeki dozoryň esgeriniň kostýumyny satmak başartdy. “Uzyn dyrnak” 400 müň dollara, kostýum bolsa 337,5 müň dollara satyldy.
Auksionda Patyşalyk gwardiýasy Jeýme Lannisteriň we “Dag” lakamly Gregor Kliganyň harby esbaplary hem satyldy. Iň belli personažlaryň biri Deýeneris Targarieniň çal zamşa kostýumy başlangyç bahasyndan 100 müň dollar gymmat – 112,5 müň dollara satyldy.
Guramaçylaryň aýtmagyna görä, auksion dünýäniň dürli künjeginden 4500-den gowrak gatnaşyjyny özüne çekdi, ahyrky satuw mukdary 21 mln dollardan geçdi. Auksion penşenbe gününden şenbe gününe çenli geçirildi. Onda serialdan rekwizit, ýarag we kostýumlar ýaly 900-den gowrak lot hödürlendi. Guramaçylar auksionda göçürme nusgalarynyň däl-de, surata düşüriş meýdançasynda ulanylan original rekwizit predmetleriniň satylandygyny bellediler.
Jorj Martiniň “Buz we alaw aýdymy” (“A Song of Ice and Fire”) kitabyna esaslanýan “Tagtlaryň oýny” serialy häzirkizaman telewideniýesiniň iň meşhur we täsirli taslamalarynyň biri bolmagynda galýar. Serialyň premýerasy 2011-nji ýylda boldy, ahyrky möwsüm bolsa 2019-njy ýylda çykdy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......