Balykçy Çehiýanyň taryhynda iň uly lakga balygyny tutdy: onuň uzynlygy 2,64 metre ýetýär

  • 15.10.2024 12:59
  • 29k+

Çehiýaly belli balykçy Ýakub Wagner ýurduň taryhynda iň uly lakga balygyny tutup, milli rekordy täzeledi. Uzynlygy 2,64 metr bolan bu täsin balyk Znoýmo şäheriniň golaýyndaky Wranow sebitinde adaty balykçy çeňňegine ildi diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär.

Wagneriň aýtmagyna görä, balygy tutmak üçin ýarym sagada golaý wagt gerek boldy.

"Suwuň ýüzüne çykýan köpürjikler şeýle uludy. Bu balygy köpden bäri tutmagy arzuw edýärdim, indi bolsa ol meniň elimde" - diýip, Wagner aýtdy.

Balykçy diňe bir rekord goýany üçin däl, eýsem, şeýle uly balyklaryň Çehiýanyň suwlarynda ýaşaýandygyna hem begenýändigini aýtdy.
Balygy ölçänlerinden soň, Wagner ony yzyna goýbermek kararyna geldi. Lakga balygy assa-ýuwaş daşlaşdy. Mundan öňki rekordy hem Wagneriň özi goýupdy. Ol 2024-nji ýylyň iýun aýynda 261 santimetrlik lakga balygy tutdy.


düýn 10:46
2.8k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....