SpaceX ilkinji gezek uçuryjy bölegini howada gapmak bilen, ägirt uly Starship arş gämisini üstünlikli gondurdy

  • 15.10.2024 12:13
  • 2.9k+

13-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy Aýa we Marsa uçmak üçin işlenilýän missiýalara niýetlenilýän iň uly Arş gämisi bolan "Starship Super Heavy 5-iň" bäşinji orbital synagyny üstünlikli tamamlady. Taryhy uçuş Günorta Tehasyň Starbase obýektinden amala aşyryldy.

Bäşinji synag uçurylyş programmasy öňki ikisi bilen birmeňzeşdi: raketa Starship-iň prototipini suborbital traýektoriýa çykarmalydy we atmosfera girip, Awstraliýanyň kenarýakasynyň günbataryna, Hindi ummanynda suwa gonmalydy. Ýöne bu gezek Super Heavy-niň birinji basgançagy gaýdyp gelenden soň, SpaceX uçuş meýdançasynda gurlan iki sany äpet “eli bolan” Mechazilla hyzmat diňiniň kömegine daýanyp gonmalydy. Konstruksiýa basgançagy howada ýumşaklyk bilen gapyp almalydy, muny ol kompaniýanyň işgärleriniň şowhunly el çarpyşmalary astynda örän şowly amala aşyrdy.
Şol bir wagtda, Starship-iň ýokarky basgançagy uçuşyny dowam etdirdi we kosmosyň çäginden geçdi. Gäminiň Ýeriň üstünden aňrybaş beýikligi 212 kilometre ýetdi. Uçurylandan 65 minut soň, Starship Hindi ummanynda üstünlikli gondy. Şeýle-de bolsa, gämini derrew ot aldy we partlady. Bu pursat SpaceX-iň kamerasy tarapyndan ýazga alyndy.

Gaýtadan ulanylmaga niýetlenen raketa ulgamy “Starship” kosmiki gämiden we “Super Heavy” uçuryş ulagyndan ybaratdyr. Onuň boýy 120 metrden hem geçýär. Ol dünýäde gurlan beýleki raketalardan has beýikdir. “Super Heavy” göterijisi NASA-nyň Aýa uçmak üçin döredýän “Space Launch System” (SLS) agyr raketasyndan iki esse güýçlüdir.

 

 


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......