Hytaýyň Şençžen şäherinde ABŞ-dan daşary iň uly Apple barlaghanasy açyldy

  • 14.10.2024 15:53
  • 11k+

Apple Hytaýyň Şençžen şäherinde uly amaly gözleg barlaghanasyny açdy. 20 000 m² meýdany eýeleýän täze desga Gonkongy, Makaony we Guandun welaýatynyň şäherlerini öz içine alýan Uly aýlag sebitinde kompaniýanyň möhüm ylmy-gözleg we tejribe merkezi bolar diýip, 3Dnews habar berýär.

Barlaghana Apple-iň iPhone, iPad we Vision Pro garniturasy ýaly esasy önümlerini synagdan geçirmek we gowulandyrmak üçin niýetlenendir. Onuň işine Hytaýdan we daşary ýurtlardan müňden gowrak hünärmen gatnaşar. 
Bu kompaniýanyň ABŞ-nyň çäginden daşary iň uly şeýle desgasy bolup, ol kompaniýanyň öndüriji üçin esasy hasaplanýan Hytaý bazarynda öz ornuny berkitmäge ymtylýandygyny görkezýär. 
Huawei ýaly hytaý brendleri tarapyndan bäsdeşligiň barha güýjeýän döwründe barlaghananyň açylmagy ýerli üpjün edijiler bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga we täze önümleriň ösüşine ýardam etmeli.
CINNO analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Huawei 2024-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýda üpjünçiligi 7,7% ýokarlandyryp, smartfon satuwy boýunça Apple-den öňe geçdi we öňdebaryjy orny eýeledi.
Umuman, hytaý öndürijileri içerki bazarda agdyklyk etmegi dowam etdirip, Apple-i öňdebaryjy üpjün edijileriň hataryndan gysyp çykarýar. 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, hytaý smartfonlarynyň üpjünçilik möçberi 70 mln gurluşa ýetdi, bu geçen ýylky görkezijiden 10% köpdür.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 21:09
881

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......