Noýabrda Türkmenistanda talyplaryň arasynda statistika boýunça Internet bäsleşigi geçiriler

  • 14.10.2024 14:45
  • 3.7k+

18-nji noýabrda Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Internet bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Bäsleşik statistika bilen baglanyşykly meseleleri seljermäge ukyply zehinli ýaşlary terbiýelemäge, ýaşlaryň statistika bolan höwesini artdyrmaga, şeýle hem ýaş nesliň intellektual ösüşini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebiniň adyndan hünärine garamazdan üç talyba çenli gatnaşyp bilýär.
Bäsleşik her ýokary okuw mekdebiniň binasynda wideoragatnaşyk arkaly sagat 14:00-da başlar.
Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly bilim portalynyň esasynda guralar. Portal jogapkär mugallymlar üçin intellektual ders bäsleşiginiň geçirilýän gününde elýeterli bolar.
Bäsleşik türkmen dilinde test soraglar we ýumuşlar görnüşinde geçiriler. Gatnaşmagyň esasynda alyp boljak iň ýokary ball 120-ä deňdir.
Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara 60 minut wagt berler.
Gatnaşyjylar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlar 2024-nji ýylyň 1-10-njy noýabr aralygynda tdei@tdei.edu.tm elektron salgysyna iberilmeli.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......