Volkswagen täzelenen Taos 2025 krossoweriniň bahalaryny yglan etdi. Ol  26 420 dollardan başlaýar

  • 14.10.2024 13:00
  • 3.5k+

Volkswagen bir aý öň hödürlenen Taos 2025 krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täzelenen modeliň kuwwaty artdyryldy. Ol döwrebaplaşdyrylan interýeri we täze tranmissiýasy bilen tapawutlanýar diýip, Motor1-iň habar berýär.

Esasy - öň tekeri hereketli Taos S-iň bahasy 26 420 dollardan başlar, bu bolsa 2024-nji ýylyň modelinden 1000 dollar gymmatdyr.
Tekerleri doly hereketli VW 4Motion-iň iň gymmat SEL bezegi 36 120 dollar bolar.
Esasy täzelenmeler 1,5 litrlik turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijä degişlidir. Onuň kuwwaty 158-den 174 at güýjüne çenli ýokarlandy, şol bir wagtda torky şol bir derejesinde galdy - 250 Nm.
Ähli tekerleri hereketli modelde  gowulaşdyrmak üçin ýedi tizlikli iki ssepleniýaly geçirişiň ýerine sekiz tizlikli awtomat ulanylýar. Ol ulagyň gidişini akgynly edýär.
Salonda multimediýa dolandyryşlary üçin täze 8 dýuýmlyk ekran, täze reňk opsiýalary bar.
Ähli üýtgeşmelere garamazdan, Volkswagen Taos brendi Demirgazyk Amerikanyň bazaryndaky iň amatly krossowerleriň biri bolmagynda galýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......