Sinner Şanhaýda “Masters-iň” finalynda Jokowiçden üstün çykyp, möwsümde ýedinji ýeňşini gazandy

  • 14.10.2024 11:07
  • 3.2k+

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Şanhaýda (Hytaý) geçirilen “Masters” ýaryşynyň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçden üstün çykdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy tas 9 mln dollara barabar diýip, RBK habar berýär. 

Oýun bir ýarym sagatdan gowrak dowam edip, 7:6 (7:4), 6:3 hasabynda italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Sinner serbiýalyny yzygider üçünji we karýerasynda dördünji gezek (sekiz duşuşykda) utdy. 
23 ýaşly Sinner üçin bu möwsümde ýedinji titul boldy, ol soňky sekiz ýylda bir ýylda altydan köp ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji oýunçy boldy. 2016-njy ýylda britaniýaly Endi Marreý birbada dokuz kubok gazanypdy. Umuman alanyňda, Sinner şu möwsümde 65 oýunda utdy – bu onuň iň gowy netijesi.
Hasabynda 99 ATP kubogy bolan Jokowiç utan ýagdaýynda taryhda Jimmi Konnorsdan we Rojer Federerden soň ýekelikde 100 titul gazanan üçünji tennisçi bolup bilerdi.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......