Magtymguly adyndaky TDU “Times Higher Education” guramasynyň reýtingine girdi

  • 14.10.2024 00:45
  • 5.1k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramasynyň “World University Ranking 2025” atly uniwersitetleriň bütindünýä reýtingine habarçy-agza (Reporter) hökmünde ýörite sanawa girizildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

“Times Higher Education (THE)” guramasynyň merkezi Beýik Britaniýada ýerleşýär. XX asyryň 70-nji ýyllarynyň başyndan bäri hereket edýän gurama dünýä derejesinde ýokary bilime baha bermek ulgamynda iň abraýly reýtingleri düzüjileriň biri bolup durýar. Gurama 2004-nji ýylda bütindünýä uniwersitetler reýtingini neşir etmeklige başlady.
Gurama öňdebaryjy ýokary bilim edaralarynyň reýtingini düzmekde mukdar we hil görkezijilerini öz içine alýan düýpli we deňagramly usulyýeti ulanýar. Bu usulyýet ýokary okuw mekdebiniň akademiki abraýy, neşirleri we olara salgylanmalary, halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem uniwersitetleriň maliýe we önümçilik görkezijileri ýaly birnäçe maglumatlara esaslanýar we olar her ýyl ygtybarly ölçegler hem-de bütin dünýäde müňlerçe alymlaryň we bilermenleriň seljermeleriniň netijenamalary boýunça toplanýar.

 


19.06.2026 18:41
3.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......