Lexus meşhur modeliniň täze nusgasyny çykardy

  • 13.10.2024 23:55
  • 9k+

Lexus kompaniýasy LC kupeniň we kabrioletiň täzelenen görnüşlerini hödürledi diýip, 32Cars.ru habar berýär.

2017-nji ýyldan bäri öndürilýän ulaglar täze model ýylynda daşky we içki görnüşleri gowulaşdyrylyp hödürlenýär. Esasy täzelenmeleriň biri öň we yz oklarynyň meýdanyna oturdylan goşmaça diregler bolup, olar kuzowy has berk etdi we dolandyrylyşyny gowulaşdyrdy.
Lexus LC-iň daşy täze Iridium reňkinde, içki bölegi alkantaru we uglerod süýümi ýaly täze bezeg materiallaryny öz içine alýar. Alyjylar salonyň reňkini hem saýlap bilerler, olar gara, gyzyl ýa-da karamel reňkde.


LC awtoulaglary 21 dýuýmlyk gara süýlen tekerleri we uglerod süýümli üçegi gurmaga mümkinçilik berýän Lexus Bespoke Build programmasyna girýär. Kabriolet üçin ýokarsynyň reňkini - gyzyl ýa-da gök reňklisini saýlamaga mümkinçilik bar.
Kuwwatlylygy öňküligine galýar: 477 at güýjüni öndürýän 5,0 litrlik V8 we 359 at güýji bolan 3,5 litrlik V6 esasly gibrid ulgam.
Täzelenen  Lexus LC 2025 modelleri güýzde ABŞ-da başlangyç bahasy 100 425 dollardan satuwa çykarylar.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....