“Karateçi oglanjyk” filminiň dowamy “Ussatlar” adyny aldy

  • 12.10.2024 15:40
  • 11k+

Sony Pictures studiýasy “Karateçi oglanjyk” sport dramasynyň ikinji bölüminiň resmi logotipini hödürledi. Film 2025-nji ýylyň maý aýynda “Ussatlar” goşmaça sözbaşysy (Каратэ-пацан: Легенды) bilen çykar.

Filmiň dowamy barada ilkinji materiallaryň 18-nji oktýabrda Nýu-Ýorkdaky Comic-Con sergisinde hödürlenmegine garaşylýar. Kartinada birinji filmiň ýyldyzy Jeki Çan, Ben Wan (“Asly Hytaýdan bolan amerikaly”) we Ralf Maççio (“Karateçi ýigit”, “Kobra Kaý”) surata düşdi.
Režissýor hökmünde Jonatan Entuistl çykyş etdi. Sýužet barada maglumatlar heniz aýan edilmeýär. Jeki Çan we Jeýden Smit bilen birinji “Karateçi oglanjyk” 2010-njy ýylda çykdy we dünýäde 359 mln dollar gazandy.


şu gün 12:00
21

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
426

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......