Hytaýyň BYD konserni Täjigistanyň awtomobil bazaryna çykdy

  • 11.10.2024 23:31
  • 6k+

BYD konserni hasap boýunça ikinji Merkezi Aziýa ýurdunyň, Täjigistanyň bazaryna resmi taýdan çykandygyny habar berdi. Bu ýerde brend hatary dört modelden ybarat bolar. Awtomobilleri satmak, tehniki hyzmatlary we abatlaýyş işlerini hödürlemek üçin Duşanbede iki sany awtomerkez açyldy, ýöne distribýutor awtomobil bahalaryny heniz yglan etmedi diýip, kolesa.kz belleýär.

BYD Täjigistanda birnäçe gibrid: Song Pro DM-i krossowerini we Chazor DM-i sedanyny, şeýle-de Song Plus we e2 elektrokarlaryny hödürlär. Distribýutoryň resmi saýtynda häzirlikçe ýerli bazar üçin bu modeller barada maglumat ýok.
BYD-yň Merkezi Aziýa bölümçesiniň ýolbaşçylygy sebiti konserni eksport bazarlaryna ýaýratmak üçin geljegi uly we möhüm tapgyr diýip atlandyrdy. Häzirki wagtda BYD-yň gibridleri we elektrokarlary dünýäniň 95 ýurdunda we sebitinde satylýar.
BYD Täjigistany tehnologiýa taýdan ösen önümler we toplumlaýyn hyzmat ulgamy bilen üpjün etmek üçin ýerli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy berkitjekdigini belledi.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......