Times: “Uimbledon” ýaryşynda çyzyk eminleri emeli aň bilen çalşyrylar

  • 11.10.2024 23:49
  • 3.3k+

“Uimbledon” tennis ýaryşynyň guramaçylary indiki möwsümden ýaryşyň 147 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek çyzyk eminlerini ulanmakdan ýüz öwrüp, olary emeli aň bilen çalşyrar. Bu barada “The Times” neşirine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Habar berlişi ýaly, 18 oýun kortunyň ählisinde, şol sanda Merkezi kortda indiki ýyl awtomatlaşdyrylan Electronic Line Calling (ELC) ulgamy gurnalar.

“Uimbledonda” ilkibaşda öňden bäri dowam edip gelýän adaty bes etmek we ELC-e geçmek islenilmedi, ýöne guramaçylar emin-adamlary ulanmagy dowam etdirmek bilen ýaryşyň ýokary ülňülerine zyýan ýetirilip bilinjekdigi baradaky netijä geldiler. ELC iň gowy oýunçylaryň eýýäm öwrenişen has takyk eminlik ulgamy hasaplanylýar” – diýip, neşir ýazýar.

Häzire çenli “Uimbledonda” iki hepdäniň dowamynda 650-den gowrak oýna hyzmat etmek üçin 18 – 80 ýaş aralygynda 300 töweregi çyzyk emini gerek bolýardy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

08.06.2026 07:37
3.1k+

FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar......

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....