Hytaýda awtomobiller köpçülikleýin arzanlady

  • 11.10.2024 23:53
  • 23k+

Hytaýda 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygynda 195 sany täze awtomobil modeli arzanlady. Bu barada Hytaýyň ýeňil awtomobiller assosiasiýasynyň (CPCA) baş sekretary Suý Dunşuwa salgylanyp, CarNewsChina habar berýär.

Şeýlelikde, benzin hereketlendirijisi bolan 71 sany awtomobil modeli ortaça 15 müň ýuan (takmynan, 2,1 müň dollar) arzanlady, şeýle awtoulagyň ortaça bahasy 9,3% peseldi. Gibrid awtoulaglardan hem 13 model 15 müň ýuan arzanlady (ortaça baha 8,3% pese düşdi).
Zarýad berilýän gibridler (29 model) ortaça 24 müň ýuan (häzirki hümmet boýunça 3,3 müň dollar), geçýän menzili artdyrylan elektromobiller (13 model) 14 müň ýuan (takmynan, 2 müň dollar) arzanlady.
Bahalaryň pese düşmegi “arassa” elektromobillere-de täsir etdi, şeýle ulaglardan 69 model ortaça 23 müň ýuan (3,2 müň dollar) arzanlady.


şu gün 08:16
1.4k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....