Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara ylmy maslahat geçirildi

  • 11.10.2024 12:23
  • 5.6k+

10-njy oktýabrda Aşgabatda Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hataryndadygyny nygtadylar.
Çykyşlarda milli saglygy goraýyş ulgamynda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmakda üstünlikleriň gazanylýandygy, telelukmançylyk, hususan-da, uzak aralykdan geçirilýän geňeşmeler we amaly lukmançylyga öňdebaryjy usulyýetleriň ornaşdyrylmagy arkaly tejribe alşylmagy üçin ylmy lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Halkara ylmy maslahat öz işini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen birnäçe bölümçelerde dowam etdi.
Foruma gatnaşyjylar «Iç keseller», «Kardiologiýa we kardiohirurgiýa», «Onkologiýa», «Oftalmologiýa», «Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa keselleri», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy», «Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologik-fiziologik meseleleri we pulmonologiýanyň hem-de allergologiýanyň esasy soraglary», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek — bilim syýasatynyň möhüm wezipesi», «Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak», «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek we fiziki işjeňligi ösdürmek», «Ylmy ösdürmekde ýaş alymlaryň orny» atly bölümçelerde meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.


düýn 17:46
1.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......