Türkmenistanyň ilçisi Gresiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 10.10.2024 22:12
  • 10k+

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekow şol bir wagtda Gresiýada diplomatik işini ýerine ýetirip başlady. 8-nji oktýabrda Afiny şäheriniň Prezident köşgünde Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropula hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

T.Kömekow diplomatik işini Rim şäherinden ýerine ýetirer.
Dabaranyň dowamynda Gresiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine mähirli gutlaglaryny, türkmen halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Dabaranyň dowamynda özara bähbitli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.
T.Kömekow Gresiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gresiýanyň DIM-niň Protokol bölüminiň başlygy Aglaýa Balta hem ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Mundan başga-da, ilçiniň Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandra Papadopulu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn saparlaryň amala aşyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berildi.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......