“Oppengeýmeriň” režissýory Kristofer Nolan 2026-njy ýylda täze film hödürlär

  • 10.10.2024 11:09
  • 2.9k+

Iň gowy film hökmünde “Oskar” baýragyny alan “Oppengeýmeriň” režissýory Kristofer Nolan täze film bilen ekrana gaýdyp geler. Filmiň relizi 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär diýip, “Deadline” habar berýär.

Taslamada baş keşbi Mett Deýmon ýerine ýetirip biler. Öň, aktýor Nolan bilen “Insterstellar” we “Oppengeýmer” filmlerinde işleşdi. Filmiň ady we sýužet barada maglumatlar heniz belli däl. Nolan filmiň ssenariýaçysy hökmünde-de çykyş etdi.
Filmi surata düşürmek işleri 2025-nji ýylyň başynda başlap biler. Prokat bilen ýene Universal studiýasy meşgullanar.
Ýatlap geçsek, “Oppengeýmer” filmi dünýä prokatynda 1 mlrd dollar töweregi girdeji gazandy. Şeýle-de, ol birnäçe nominasiýada, şol sanda iň gowy film, režissýorlyk we erkek keşbi (Killian Mýorfi) üçin ýedi “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......