ABŞ-da iň ýaramaz satylan awtomobilleriň reýtinginde Hyundai we Toyota modelleri öňde ýerleşýär

  • 10.10.2024 11:07
  • 11k+

Motor1 portaly 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde ABŞ-da iň pes satuwy bolan awtomobilleriň reýtingini hödürledi. Sanawda Hyundai, Toyota we Lexus ýaly belli brendler hem bar.

Olaryň arasynda Hyundai Nexo iň pes netijäni görkezdi – iýul aýyndan sentýabr aýy aralygynda bary-ýogy 89 birlik satyldy. Ýöne munuň wodorod modelidigini we diňe Kaliforniýada satylýandygyny bellemek gerek, üstesine-de onuň bahasy 60 müň dollardan başlaýar.
Sanawda onuň yzyndan Toyota Mirai gelýär – bu wodorodomobil üçünji çärýegi 346 satylan birlik bilen jemledi. Fiat 500-üň satuwy 439 awtomobil boldy, Genesis G90 bolsa, ýokary bahasyna garamazdan, 1017 birlik mukdarda satyldy.
Käbir beýleki modeller hem ýokary bolmadyk netijeleri görkezdiler. Lexus LC-niň satuwy 1294, bu ýapon markasynyň ýene bir modeli Lexus RC-niň satuwy bolsa 1370 awtomobile ýetdi.
BMW XM we Z4, degişlilikde, 1385 we 1471 birlik tiraž bilen satyldy.
Şeýle-de, sanawa Audi Q8 Sportback e-Tron (1594 birlik), Lexus LS (1706 birlik) we Subaru BRZ (2323 birlik) girdi. Brendleriň meşhurlygyna garamazdan, bu awtomobillere amerikan bazarynda isleg o diýen ýokary däl.


düýn 21:15
2.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......