McLaren özüniň iň kuwwatly giperkaryny hödürledi

  • 10.10.2024 11:00
  • 3.3k+

McLaren kompaniýasy brendiň taryhynda iň kuwwatly model bolan täze W1 flagman giperkaryny hödürledi. Bu barada Trashbox.ru habar berýär.

Awtomobil 929 at güýjüni berýän 4,0 litrlik V8 benzin hereketlendirijisi bilen kuwwaty 346 at güýji bolan elektromotory utgaşdyrýan gibrid güýç gurluşyna eýe boldy. Bu oňa tizligini sagatda 350 km çenli artdyrmaga we 2,7 sekuntda 100 km/sag tizligine ýetmäge mümkinçilik berýär. Ikinji “ýüzlüge” 5,8 sekuntda ýetilýär.


McLaren W1 “Formula 1-iň” tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen MCLA platformasynda guruldy. Aerocell uglerod-plastik monokoky we Push-rod asgyjy awtomobiliň 1399 kg agramynda ýokary berkligi üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde, batareýanyň sygymy agramy azaltmak üçin kiçeldildi we giperkar elektrik tirkegde bary-ýogy 2 km geçip bilýär. 
Awtomobil Apple CarPlay bilen Android Auto-ny goldaýan 8 dýuým ekranly mediaulgam hem-de 2,5 mm galyňlykda Günden goraýjy gaşlar bilen enjamlaşdyryldy. Ýük goýulýan ýer ortaça ölçegli bir torbany goýmak üçin niýetlenendir. 
McLaren W1-den jemi 399 nusga çykarylar we olaryň hemmesi eýýäm 2,1 mln dollardan başlaýan baha bilen satyldy.

düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....